HPG: Türkmenistan ösüş depgimleri durnukly ýagdaýda saklanýar

Halkara pul gaznasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary müdirýetiniň ýaýradan press-relizinde tebigy gazy iri öndüriji bolan Türkmenistanyň şol sanda, nebtiň we gazyň bahasynyň durnukly pes we söwda hyzmatdaşlary - ýurtlarynyň ykdysady işjeňligi gowşan ýagdaýynda-da çylşyrymly daşky şertlere uýgunlaşýandygy bellenilýär. Durnukly ösüş depgini saklanylyp, ol takmynan soňky iki ýylda 6 göterimden ýokary bolmagyna galýar, muňa Hytaýa tebigy gazyň ugradylmagynyň möçberiniň artmagy, giňişleýin karz syýasaty we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurtda öndürilmegi hem-de eksportyň artdyrylmagy ýardam edýär.
Goşundyda resminama bilen dolulygyna tanşyp bolar.