img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşyk barada

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýada geçirilýän 5-nji Diplomatik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar parahatçylyk medeniýetini ilerletmek, sivilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmek hem-de özara düşünişmegi berkitmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň netijeli dialogy ösdürmekde hem-de ählumumy ölçegde özara düşünişmegi berkitmekde täsirli gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň parahatçylykly ýaşaýyş medeniýetini ilerletmek boýunça halkara tagallalara goşant goşmaga hem-de netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.