2017-nji ýylyň 22-30-njy apreli aralygynda Olimpiýa şäherçesinde «Inspiring Ashgabat» taslamasynyň çäklerinde ýaryşlar geçiriler

V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetinde habar bermeklerine görä, «Inspiring Ashgabat» synag ýaryşlarynyň tapgyrynyň çäklerinde agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty, WAKO ugry boýunça kikboksing boýunça Aziýa çempionaty we gysga aralyga ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýewiň belleýşi ýaly,Aziýa çempionatlarynyň ikisiniň geçirilmegi Aşgabadyň sport derejesiniň ýokarylygyna şaýatlyk edýär we sentýabr aýynda başlanjak Oýunlara taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry bolar. Ilkinji gezek Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde birbada birnäçe halkara ýaryşy geçiriler. Bu bolsa köpugurly sport klasteriniň Oýunlara taýýarlygyny barlamaga mümkinçilik berer. Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty apreliň 23-29-y aralygynda geçirler. Ýaryşda türgenler ştangany itekläp we silterläp götermekde umumy netije boýunça ähli agramlarda medallaryň 144 toplumy ugrunda bäsleşerler. Rio-2016 –nyň netijeleri boýunça 45 medalyň 31-ni aziýaly türgenleriň eýelemegi-de ýaryşyň derejesiniň ýokarylygyna şaýatlyk edýär. Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty söweş sungaty sport toplumynda apreliň 26-30-y aralygynda geçiriler. 20 ýurdyň wekilleri 5 günüň dowamynda medallaryň 354 toplumy ugrunda güýç synanşarlar. 26-27-nji aprelde gysga aralyga ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçiriler, onda gazagystanly, gyrgyzystanly, özbegistanly, täjigistanly, eýranly we owganystanly türgenler özbaşdak we estafeta bäsleşiklerinde güýç synanşarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň dessin meseleler boýunça direktory Mik Raýtyň belleýşi ýaly, synag ýaryşlary Aziada -2017-ä taýýarlygyň abraýly bölegidir. Olar ýurdumyza ünsi çekmäge, ýokary netijeli sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge niýetlenendir. «Inspiring Ashgabat» çäresi türkmenistanlylara Olimpiýa şäherçesiniň binalary bilen tanyşmaga, bäsleşiklere ýakyndan syn etmäge mümkinçilik berer. Synag ýaryşalryna mugt petekler 7-nji aprelden başlap, «Berkarar» Söwda-dy «Inspiring Ashgabat» synag ýaryşlary tapgyry baradaky goşmaça maglumatlary http://www.ashgabat2017.com saýtyndan alsa bolar. «Inspiring Ashgabat» synag ýaryşlary tapgyry baradaky goşmaça maglumatlary www.ashgabat2017.com saýtyndan alsa bolar.