Pekinde Hytaýyň Nebit uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

Hytaýyň Nebit uniwersitetinde Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga hytaý tarapyndan akademik, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň prorektory, professor Li Genşen, halkara bölüminiň başlygy, professor Li Ýunfen, daşary ýurtly talyplar bilen işlemek bölüminiň dekanynyň orunbasary Lýu Sýaosin, halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Lu Şan, halkara bölüminiň işlerini utgaşdyryjy Li linýun dagy gatnaşdylar. 

Uniwersitetiň prorektory Li Genşen ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň wekillerini bu ýokary okuw mekdebiniň ylym-bilim işiniň ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Soňra hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. HNU-niň wekilleri kompýuter tehnologiýalary, himiýa inženeriýasy, elektronika we beýleki ugurlar boýunça baklawriat, magistratura, doktorantura maksatnamalary barada jikme-jik gürrüň berdiler. 

Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplaryny taýýarlamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda uniwersitetde ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň 166-sy bilim alýar, olaryň 57-si Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy tarapyndan maleleşdirilýän talyp hakyny, 20-si hökümet talyp hakyny, 20-si hem- uniwersitetiň talyp hakyny alýarlar. Bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler. 

Öz gezeginde, ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy innowasion ösüşiň strategiýasynyň jähtinden milli ykdysadyýetiň strategiki pudagy bolan nebit-gaz pudagynyň gazananlary we geljegi, durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary barada gürrüň berdi. 

Şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryldy we tematiki wideoşekiller görkezildi. Ilçi P. Durdyýew, pursatdan peýdalalnyp, uniwersitetiň ýolbaşçylaryny we HNU bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýanyň wekillerini bu foruma işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 

Hytaýyň Nebit uniwersitetinde bolan wagty ilçihananyň işgärleri bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.