img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Hytaý» Formatynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 27-28-nji aprelinde Sian şäherinde (HHR) «Merkezi Aziýa — Hytaý» Formatyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Formatyň Sekretariatynyň Baş sekretary Sun Weýdunyň gutlag sözi bilen açylan maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça jikme-jik pikir alyşdylar.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň durmuşa geçirilişine seljerme berip, 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijelerini jemlediler.

Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Hususan-da, Formatyň 2026–2030-njy ýyllar üçin ösüşiniň Uzak möhletleýin strategiyasynyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.

Wekiliýetler Sebitara maýa goýum we söwda geňeşini döretmegiň konsepsiýasynyň taslamasyna, Täze ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny şeýle hem 2030-njy ýyla çenli «ýaşyl» ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, sebitde medeni-siwilizasiýa gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen «Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» bitewi sanly portalyny döretmek baradaky taslamanyň ylalaşylmagynda gazanylan ösüş bellenilip geçildi. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa — Hytaý» Formatynyň bitewi nyşanynyň (emblemasynyň) taslamasyna garaldy.

Mundan başga-da ýokary derejelerde geçiriljek çärelere taýýarlyk görmegiň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 7-nji duşuşygyny guramagyň meseleleri öwrenildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň ýokary hilli ösüş ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýyl üçin ministrler derejesindäki duşuşyklaryň we beýleki bilelikdäki çäreleriň tertibini maslahatlaşdylar.

Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen Formatyň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.