Ilçi Sorin Wasile Moldowan Rumyniýanyň ÝeB-niň Geňeşine başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi. DIM-iň saýtynda habar berlişine görä, duşuşyk Rumyniýanyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrylyşa bagyşlandy.
Rumyniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guran çäresine ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sorin Wasile Moldowan çykyş edip, Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulýan çäreler barada gürrüň berdi. ÝeB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek geljekki işiň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.