Türkmenistanyň we Omanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşikleri geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça türkmen-oman hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Omanyň abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy.

Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem degip geçdiler. Bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.