Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryny ählitaraplaýyn berkitmäge itergi berýändigi bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda sebitara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Arkadag şäherine ýokary baha berlip, Hançžounyň Dýanszy Uniwersiteti tarapyndan oňa “ýaşyl” we ekologik taýdan arassa şäher hökmünde Üstünlik güwänamasynyň gowşurylandygy aýratyn bellenildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny, şeýle hem innowasiýalar, emeli aň we ýokary tehnologiýalar ulgamynda, şol sanda «akylly şäher» taslamalaryny we şäher infrastrukturasyna innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda esasy garalan meseleleriň biri ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek boldy. Türkmen tarapy Hançžounyň Dýanszy Uniwersiteti bilen ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde sport alyşmalaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.