Maglumat habary

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan Synçylar missiýasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna monitoring işini dowam edýär.
GDA-dan uzak möhletleýin synçylar Türkmenistanyň Mary, Balkan, Ahal welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglaryna baryp gördüler. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary synçylara saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna tälim berlişi, şeýle hem saýlawlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilişi barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Missiýanyň agzalary saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawlary boýunça geçirilýän işler, möhletinden öň ses bermegiň barşy bilen tanyşdylar.
GDA-dan bolan synçylar saýlaw uçastoklarynyň tehniki we usulyýet üpjünçiliginiň gowudygyny, olaryň saýlawlary geçirmäge taýýardygyny belleýärler.
Wagyz işleriniň barşy synçylaryň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler bilen duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda söhbetdeşler saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde geçýändigini bellediler.
GDA-dan bolan Synçylar toparyny düzmek işi tamamlandy. Onuň düzüminde Azerbaýjan Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna, Belarusuň we Russiýanyň Birleşiginiň parlament ýygnagyna hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän adamlaryň 90-sy resmi taýdan bellige alyndy.
GDA-dan Synçylar toparynyň ştaby
2018-nji ýylyň 16-njy marty.