Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edenligi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hoşniýetli sözlerini we türkmen halkyna gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, jenap Askar Mamin halkara taslamalarynyň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, olaryň durmuşa geçirilmegi, Aziýa ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hoşniýetli sözlerini beýan edip, Gazagystanyň biziň ýurdumyz üçin sebit boýunça möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny belledi. Geçen ýylyň aprel aýynda netijeli hyzmatdaşlyk barada Astanada gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk baradaky şertnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilen iri düzümleýin taslamalar iki döwletiň özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň beýany boldy. Olar ikitaraplaýyn bähbitlere hem, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna hem laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu ýol sebitara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýän häzirki zaman ulag düzüminiň kemala gelmeginiň möhüm bölegi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman energetika we ulag, senagat hem-de söwda pudaklary ýaly strategik ulgamlarda örän uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm hem-de aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer ulgamynda däp bolan gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, bu ulgamlarda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini hem-de tejribe alşylmagyny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem doganlyk halklaryň bähbitlerine hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.