Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler döwlet ministri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri jenap Mobaşar Jawed Akbar bilen duşuşdy. Ol öňümizdäki dabaraly çärelere gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.
Ýokary wezipeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mobaşar Jawed Akbaryň belleýşi ýaly, Hindistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasata hem-de türkmen Lideriniň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmak maksadynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we goldaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, biziň halklarymyzy çuňňur taryhy, ruhy we medeni kökleriň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Hindistan ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Hindistan bilen özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Biz türkmen-hindi gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde, şeýle hem syýasy-diplomatik gatnaşyklar, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orny bellenildi.
Söwda-ykdysady, ulag we kommunikasiýa, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamy, dokma senagaty we beýleki birnäçe pudaklar döwletara hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şol duşuşyklar deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda häzirki wagtda özüniň nobatdaky tapgyryna gadam basýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn orun berilýär.
Transmilli gaz geçirijisini gurmak şu taslama gatnaşýan ýurtlaryň ählisi üçin ykdysady taýdan bähbitlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we TOPH gaz geçirijisiniň Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmalydygyny we umuman, ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidigini hem-de Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsine öwrülmelidigini nygtady.
Jenap Mobaşar Jawed Akbar Hindistanyň Türkmenistanyň başyny başlan bu möhüm energetika taslamasyna ygrarlydygyny tassyklap, öz ýurdunyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Munuň özi okgunly ösýän hindi ykdysadyýetiniň energiýa serişdelerine islegleriniň artýandygy bilen şertlendirilendir.
Döwlet Baştutanymyz we myhman TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijelilik hem-de uzak möhletlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belläp, taraplaryň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga çalyşýandygyny hem-de şu maksatlar bilen ähli çäreleri görmäge taýýardygyny tassykladylar.
Hindistan Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçip, ýurdumyzyň başyny başlan, demir ýol geçelgelerini gurmak baradaky taslamalaryň, hususan-da, ertir açylmagy göz öňünde tutulýan Serhetabat — Turgundy täze demir ýoluň açylmagyny, şeýle hem tutuş sebite uly ösüş getirýän halkara elektrik geçiriji ulgamyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň ähmiýetini nygtady.
Mundan başga-da, iki halkyň taryhy we medeni kökleriniň umumylyga esaslanýan dostlukly we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksadynda ynsanperwer ulgamda alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygy hem-de ylym we bilim, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Hindistan Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri däp bolan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taraplaryň ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigine daýanyp, iki dostlukly döwletleriň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.