Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, “Uzbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alişer Sultanowy kabul etdi. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Garaşsyz türkmen döwletiniň senenamasyna girjek taryhy wakalar mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Özbegistanda Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna hem-de iki halkyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýärler. Bu syýasat sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkyny Özbegistanyň halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Myhmanyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, ählumumy we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, tutuş sebitiň ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşine, ulag kommunikasiýalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary giň halkara ykrarnamasyna mynasyp boldy we iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy. Olar hakyky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanlary bolup durýarlar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarly bolmak bilen we özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýup, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda anyk ädimleri ädýär.
Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwaty, şeýle hem iki halkyň taryhy, medeni we ruhy umumylygy onuň esasyny düzýär. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleriň netijeli häsiýetini nygtap, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini aýtdy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Şu hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikdäki iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi hem-de häzirki wagtda hem üstünlikli amala aşyrylýar.
Myhman öňümizdäki dabaralaryň ähmiýetini belläp, bu taryhy wakalaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, parahatçylykly ösüşde, özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy berkitmekde sebitiň ähli ýurtlary üçin täze tapgyr boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Alişer Sultanow iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.