SOŇKY HABARLAR
AFK-2018 Kubogy ugrundaky 2-nji saýlama tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» Täjigistanyň «Hujand» toparyny ýeňdi
1-0 hasaby bilen tamamlanan duşuşyk Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köpugurly sport toplumynda geçirildi. Duşuşygyň başyndan biziň futbolçylarymyz artykmaçlygy öz eline alyp, garşydaşyň derwezesiniň alkymynda yzygiderli hüjümleri alyp bardylar. Ahallylaryň ýiti hüjümleri täjigistanly futbolçylaryň howply pursatlary sowmaga synanyşmaklary bilen, yzygiderli ýalňyşmagyna alyp bardy. Oýnuň 17-nji minutynda myhmanlaryň goragçysynyň ýalňyşlygy netijesinde on bir metrlik jerime urgusy bell...
2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi ençeme görkezijiler, şol sanda ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tassyklanylýar. Bu gün gurluşyk toplumy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny—senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagy ugur edinýär. Olaryň çäklerinde...
Türk kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkiýeli işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge buýsanýandygyny belledi. Dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunda Türkiýäniň...
Boks boýunça milli çempionatymyza Serik Konakbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar
13-nji fewralda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga alýar. Türkmenstanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Tomaşaly we özüne çekiji pursatlaryň baý bolmagyna garaşylýan ýaryş paýtagtymyzdaky iň bir döwrebap Olimpiýa şäherjiginde dört günläp dowam eder. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda boljak bäsleşikde paýtagtymyza hem-de ýurdumyzyň welaýatl...
DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy 50,5 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Pakistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 585 müň dollaryndan gowrak bo...
DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMENISTAN BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 25-ÝYLLYGY BELLENILDI
2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň ýardam bermeklerinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan-Täjigistan Respublikasy: 25 ý...
Daňdanakan galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde orta asyr tebipleriniň gurallary tapyldy
9-njy fewralda geçirilen hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B. Abdyýewa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada habar berdi. Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar. Geçen ýylyň baharynda Taryhy we medeni ýadygärlik...