SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady
Aşgabatda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun gatnaşýarlar....
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata hem-de Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutany bilen salamlaşyp, şu ajaýyp günlerde Türkmenistana gelmek hem-de ulag-üstaşyr...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Pakistanda Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini, onuň esasyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň düzýändigini hem-de...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasyndaky Türkmenistanyň öňdebaryjy başlangyçlarynyň hereketde durmuşa geçirilmegi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň işiniň başlamagy bilen, parahatçylyga we durnuklylyga, Türkmenistan tarapyndan durnukly ösüşiň hatyrasyna maksatlary durmuşa geçirmek boýunça öňdebaryjy başlangyçlaryň ençemesi öňe sürüldi. Öňdebaryjy türkmen maksatlarynyň biri bolup ynsanperwer ugry çykyş edýär. Türkmenistan sosial ösüşiniň gidişini ynamly ösdürip, BMG-niň esasy halkara Konwensiýalaryndan we beýleki köptaraplaýyn namalaryndan gelip çykýan adam hukuklaryny...
Türkmenistan-Hytaý: iki ýurduň we tutuş sebitiň bähbidine hyzmatdaşlyk
Hytaýyň iri işewürlik merkezleriniň biri bolan Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň IV forumynyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, synçy döwletler hökmünde Belarusuň we Azerbaýjanyň wekiliýetleri...