SOŇKY HABARLAR
Milli Liderimiz Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogy we medaly bilen sylaglandy
Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy. Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň VII mejlisiniň barşynda geçi rildi. Halkara atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan çärelere işjeň gatnaşýandy...
Türkmenistan, at keselinden azat zolak derejesine eýe boldy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz jenap Lukauskasa we onuň üsti bilen mallaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň Ýolbaşçy Geňeşine Türkmenistanyň at keselinden azat zolak derejesine eýe bo...
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň daşary ýurtly agzalaryna döwlet sylaşlaryny gowşurdy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki işiň ösmegine ägirt uly goşant goşandyklary üçin assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalary Blank de Toledo Loma Osorio, Eloiza Anemon Flawiýa Žirärgä, Batturdy Ibadullaýewe Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz sylaglananlary gutlap, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagy, olaryň arassa ganlylygynyň ösd...
Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi açyldy
Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabatda ştab-kwartirasy bolan we 2010-njy ýylda döredilen Halkara atçylyk assosiasiýasyn dür...
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni medallaryň toplumynyň ikisi ugrunda güýç synanyşyldy
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli hem-de erkekleriň arasynda 69 kilograma çenli iki görnüşde medallar ugrunda bäsleşildi. Zenanlaryň ýaryşynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň toparyna wekilçilik edýän Un Sim Rim ynamly ýeňşe eýe bolup, üç altyn medal gazandy: birden götermekde ol 106 kilogram agrama, itip galdyrmakda 131 kilogram agrama hötde gelip, iki görnüşiň netijesinde...
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda wekilçiligi giňelýär
BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň birbada ikisine - 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy. Bu waka Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna, onuň oňyn daşary syýasat ugrunyň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär....
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: Ýüpek ýolunyň häzirki zaman nusgasy
Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan — Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi. Duşuşyga welaýatyň hökümetiniň we şäher meriýasynyň wekilleri, Uhan şäheriniň Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, Hytaýyň birnäçe sebitleriniň barlag institutlarynyň e...