SOŇKY HABARLAR
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy bilen gutlady
?Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyna Sizi Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda gazanan uly üstünligiňiz — «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňiziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, alyp...
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen ‘Fontankadaky” sirk sungatynyň I halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen atly ýigitleri “Altyn Gaetano” diýen baş baýraga mynasyp boldular. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz,...
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
Ýurdumyzda şanly sene — Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň özboluşly däplerinden başlanýan haly we dokma işiniň ussatlaryny sylaglamak dabaralary pudagyň işgärlerine çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi, çünki olaryň zehini hem-de joşguny bilen ata-babalarymyzyň özboluşly medeni mirasy aýawly saklanyp we baýlaşyp, dogduk Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dürli döredijilik duşuşyklary, çeperçilik sergileri h...
BUHARESTDE TÜRKMEN-RUMYN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji maýynda Buharestde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli bölümleriniň baştutanlarynyň derejesinde sebitleýin meseleleri boýunça, hususan hem Ýewropa Bileleşigine we Ýakyn Gündogara degişli ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda iki döwletiň wekiliýetleri geljekde Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginde 2019-njy ýylda başlyklyk etmegi bilen baglylykda Türkme...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.T.Rustemowa hakynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rustemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasy jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýan ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bil...
Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi netijelerini jemledi
?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda IX halkara Gaz kongresi işini tamamlady. Ol gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledi hem-de geljek üçin bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berdi. Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we Gollandiýanyň «KNW Holland» kompaniýasy şu ýyl geçirilen bu iri ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. 30-dan gowrak ýurtdan hökümet guramalarynyň, nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn...