RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Sen

Türkmenistanyň demir ýol ulagy paýdarlar jemgyýetine öwürler

Demir ýol ulaglary ministrligi pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmäge taýýarlanýar. Hökümetiň mejlisinde ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýer B.Annameredowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Hormatly Pr...

DOWAMY
pic
8 Sen

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar

8-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi.  Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we...

DOWAMY
pic
7 Sen

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy öz toparynda ikinji orny eýeledi

Ýurdumyzyň milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky saýlama oýunlarynyň final böleginiň üçünji tapgyrynda Singapuryň topary bilen duşuşyp, oýny deňme-deň tamamlady. Munuň özi türkmen futbolçylaryna “E” toparda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, bu toparda 2019-njy ýylyň tomsunda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek iri ýaryşlara gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşilýär.  Duşuşyk Singapuryň “Besar Stadiun” stadionynda geçirilip, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Hasap oýnuň...

DOWAMY
pic
7 Sen

Sebitleriň telekommunikasiýa infrastrukturasy giňeldilýär

Gubadag etrabynyň obalarynyň birnäçesiniň ilaty döwrebap we ýokary hilli telefon aragtnaşygy bilen üpjün edildi. „Daşoguztelekom“ kärhanasynyň hünärmenleri optika-süýümli kabeliň birnäçe kilometrini geçirdiler we dürli belgi sygymly sanly awtomatik telefon bekedini oturtdylar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ählisinde müşderiler ulgamyny giňeltmek, telefon aragatnaşygnyň we internet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Şu güne çenli demirgazyk sebitde optika-s...

DOWAMY
pic
7 Sen

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy

Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi.  Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi.  Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agza...

DOWAMY
pic
7 Sen

Президенту Туркменистана вручены сертификаты о внесении в Книгу рекордов Гиннесса объектов Олимпийского городка в Ашхабаде

В ходе праздничной церемонии, прошедшей в гостинице «Спорт» Олимпийского городка по случаю 10 дней до старта Игр «Ашхабад 2017» Президенту Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедову были вручены сертификаты, подтверждающие внесение в Книгу рекордов Гиннесса объектов Олимпийского городка в Ашхабаде. Это художественное изображение ахалтекинского скакуна на Олимпийском стадионе и Водноспортивный комплекс с самым большим в мире крытым плавательным бассейном. Специально по этому поводу в Туркмениста...

DOWAMY
pic
6 Sen

“Hoş zaman” kompaniýasy V Aziadanyň hyzmatdaşlaryň toparyna goşuldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän türkmen kompaniýalaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda olaryň üsti “Hoş zaman” guşçulyk hojalygy bilen ýetirildi.  2004-nji ýylda döredilen we goňşy ýurtlardan işewürlik boýunça kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän bu kärhana durnukly ösýär hem-de häzirki wagtda sebitde esasy hojalyklaryň biri bolup durýar. “Hoş zaman” kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde innowasion teh...

DOWAMY