SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglandy
Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary sylagyny – “Duslyk” ordenini gowşurmak dabarasy boldy. Sylagy türkmen Liderine Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow gowşurdy. Dabaraly çärä Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Tatarystan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Belent mertebely...
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri tagallalary birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Türkmen Lideri hem-de Russiýanyň iri sebitiniň baştutany mähirli görşüp, Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Tatarystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Aşgabat2017” oýunlarynyň başlanmagy b...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Lebedew GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyza ýene-de gelip görmäge hem-de yklymlaýyn iri sport ýaryşlaryna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümki...
Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelip görmäge we “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş da...
Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Türkmenistanyň Baştutany özbek kärdeşini Aşgabatda kabul etmäge örän şatdygyny belläp, türkmen-özbek hyzmatdaşl...
Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa oýunlary oňa gatnaşyjylaryň düzümi boýunça-da, sport görnüşleriniň sany boýunça-da aýratyn häsiýete eýedir
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. “Şu gün biz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berýäris. Bu şanly waka bilen mähriban watandaşlarymyzy, gadyrly myhmanlarymyzy, halkara sport jemgyýetçiligini tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Mundan 7 ýyla golaý ozal - 2010-njy ýylyň 17-nji dekabrynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň Olimpiýa komiteti...
Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji g...