SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýas...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikl...
Türkmen zyýaratçylary Mekgeden dolanyp geldiler
Şu gün Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiziň 153-si – ýurdumyzyň bäş welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleri Saud Arabystany Patyşalygyna gitdiler hem-de mukaddes Käbä sežde etmäge dünýäniň ähli künjeklerinden bu ýere gelen zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AHHG-NI ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINIŇ NETIJELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijelerine bagyşlanap metbugat maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň DIM-niň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bilermen-ekologlar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem gazet-žurnallaryň baş redakto...
BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda (rezidensiýasy Ankara ş.) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ebrahim Ýusuf Al-Abdulla bilen duşuşyk boldy. Duşuşykda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy iki döwletiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bell...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçdi
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz endigine eýerip, wagtyny sport bilen meşgullanmaga bagyşlady hem-de täze ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçip, onuň tebigy çöllük şertlerde tehniki häsiýetnamalaryny synagdan geçirdi. Synag mahalynda döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde uzak aralygy geçdi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralýan “Amul — Hazar 2018” ýary...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çigmal biržasynda geleşikleriň 14-si bellige alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem reňksiz list aýnalar, nah mata we ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Ermenistan, Owganystan we Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 70 müň dollaryndan gowrak bold...