SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgam...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-d...
DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda...
«TERRORÇYLYK BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA MILLI WE SEBITLEÝIN MÜMKINÇILIGI BERKITMEK MAKSADY BILEN SERHETLERI GORAMAK WE DOLANDYRMAK BABATYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBE» ATLY OKUWY AŞGABATDA IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan gurnalan «Terrorçylyk bilen göreşmek boýunça milli we sebitleýin mümkinçiligi berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribe» atly okuwy öz işine başlady. Sebitde terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça işi «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kont...
Türkmenistanda ählumumy howplara garşy göreşmek boýunça sebit derejesindäki maslahat geçirilýär
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça milli we sebit mümkinçiliklerini berkitmek maksady bilen, serhetleri goramak we dolandyrmak babatda öňdebaryjy tejribe” atly sebit derejesindäki maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa sebiti üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy. Ady agzalan çäre horm...
Творческую делегацию Туркменистана торжественно встретили в Термезе и Душанбе
Специальный поезд, на котором творческая делегация нашей страны направилась с культурной миссией в Республику Таджикистан, последовал через территорию Узбекистана. На вокзале города Термез состоялась церемония встречи, в которой приняли участие представители сферы культуры, общественности, узбекских СМИ, а также туркменской диаспоры, мастера искусств. Выступившие на торжестве представители творческой интеллигенции двух стран отметили позитивную динамику многоформатного туркмено-узбекского вз...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri polietilen we polipropilen satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Estoniýadan, Pakistandan, Owganystandan, Ukrainadan...