SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamide is...
Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar
Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew (71 kilogram agramda) we Batyr Baýgeldiýew (61 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ýalkym Nuryýew (70 kilo...
Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji güni. Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Şondan soň, erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Ýapylyş dabarasynyň öň ýanynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň baýdagyny 2019-njy ýylda dünýä birinjiligini kabul etjek Taýland Patyşalygynyň wekiline gowşurmak dabarasy boldy. Ozal belleýşimiz ýaly, çempionaty guramagyň derejesi boýunça Türkme...
Biziň pälwanlarymyz — sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň eýeleri
Buharest (Rumyniýa) şäherinde geçirilen sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň dördüsi ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni ýetirdi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna iri halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Çarymyrat Annagurbanow çykmagy başardy. 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgenleriň on ikisiniň hatarynda biziň...
2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy
Erkekleriň arasynda 109 kilograma çenli agramlyk derejede Ermenistandan gelen agyr atletikaçy Simon Martirosýan çykyşlaryň jemi boýunça dünýä çempiony boldy. Ol jemi 435 kilogram agramy göterip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ermenistanly türgen bu netijäni birbada götermekde 195 kilogram agramlygy galdyryp gazandy. Şol görkeziji boýunça ol ikinji ýere mynasyp boldy. Ýöne itekläp götermekde 240 kilogram agramy göterip, dünýä rekordyny täzeledi we özünden soňky orny eýelän türgenden 12 kilogram agra...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýol...
2018-nji ýylyň dünýä birinjiliginiň täze baýrak eýeleri
Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy. Ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa B toparçada itekläp götermek görnüşinde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny we birbada götermekde dördünji orny eýeledi. Toparçada öňdäki orna mynasyp bolan Rauşan Meşithanowa (Gazagystan) itekläp götermekde 108 kilogram agramyň hötde...