RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Mar

Nowruzyň şanyna ählihalk dabarasy

Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramyň hormatyna Nowruz ýaýlasynda ägirt uly öýüň görnüşinde gurlan “Türkmeniň ak öýünde” däp bolan toý dabaralary ýaýbaňlandy.  Ýurdumyzyň bu künjegi özünde gadymy medeniýetleriň gatlaklaryny saklaýar: hut Ahalyň dag eteklerinde ilkinji ekerançylar ak bugdaýy ýetişdirip ugrapdylar, türkmeniň rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri hut şu mekandan gözbaş alýarlar. Şu gün irden bu ýere özünde abadanç...

DOWAMY
pic
21 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu halkara bahar baýramynyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çä...

DOWAMY
pic
20 Mar

GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekilçilikli toparynyň Aralyk hasabaty (2018-nji ýylyň 5—20-nji marty)  Umumy düzgünler  Türkmenistanyň çakylygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan wekilçilikli topar (mundan beýläk — wekilçilikli topar) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn edýär.  Türkmeni...

DOWAMY
pic
20 Mar

На юго-западе столицы будет возведён деловой и торгово-развлекательный комплекс

Комплекс зданий, в который войдут деловой, торговый и культурно-развлекательный центры, будет построен в юго-западной части столицы, где новая городская застройка гармонично сочетается с оригинальным ландшафтом холмистой местности у подножия Копетдага.  Место строительства многофункционального комплекса обусловило создание замкнутой структуры. В архитектурном проекте воплощен оригинальный художественно-композиционный приём, ассоциативно стилизованный под ахалтекинского скакуна. Здание запроек...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...

DOWAMY
pic
20 Mar

«Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!  Sizi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Garaşsyz Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we abraýly ornuny eýeleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiz giň hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
19 Mar

PEKINDE BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI.

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Pekiniň Ulag uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý tegelek stoly geçirildi. Tegelek stol 2018-nji ýylyň “Türmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy, Pekiniň Ulag uniwersiteti we Ýol we köpri gurluşygy boýunça işleýän Hytaý kompaniýasy bu çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdile...

DOWAMY