SOŇKY HABARLAR
MOSKWA KONSERWATORIÝASYNDA NURY HALMÄMMEDOWYŇ 80-ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň 80-ýyllyk ýubileýine bagyşlap döredijilik agşamy we konsert geçirildi. Bu çäräni ýokary derejede dabaraly geçirmek üçin Türkmenistandan Moskwa şäherine Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory R.H.Amangel...
Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-nyň final bölegine çykdy
Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi. Bahreýniň ýygyndy topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşyk aýgytlaýjy häsiýete eýe bolmandy. Toparlaryň her biriniň on utugy bolup, ýeňiji “E” toparyň jemleýji görkezijisinde özüniň öňdäki ornuny üpjün edýär. Ikinji orun hem ýaryşda bäsleşigi dowam etdirmäge hukuk ber...
“PARAHATÇYLYK PROSESI, HOWPSUZLYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK WE SEBITDÄKI ARABAGLANYŞYK” ATLY OWGANYSTAN MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto, BMG-niň Merke...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzüml...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady. Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat n...
HALKARA SYNÇYLARY: SAÝLAWLAR ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw t...
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR: TÜRKMENISTANDA PARLAMENT SAÝLAWLARY ÝOKARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇDI
2018-nji ýylyň 26-njy martynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça Merkezi toparyň maslahatlar otagynda brifing geçirdi. Brifinge halkara we daşary ýurtly synçylar, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi top...