SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-MÜSÜR TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI KAIRDE GEÇDI
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Kair şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň 11 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, olaryň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bu mejlisiň çäklerinde türkmen-müsür işewürler maslahaty hem...
Türkmenistan — halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Resminama 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...
ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...
PANAMA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Migel Lekaro Barsenas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Panama Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstün...
Edermenligiň we watançylygyň mekdebi
Islendik ýurduň geljegi sazlaşykly ösen, sagdyn we watansöýüji ýaş nesil bolup durýar. Ýaragly Güýçlerde harby gulluk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde aýratyn orun eýeleýär. “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gullugy 18 ýaşyna ýeten hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlaryň hemmesi geçmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goşuny döwrebaplaşdyrmak...