SOŇKY HABARLAR
Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly
Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy. “K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy. “Lou kik” ugry boýunça Gülzada...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY
2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNYŇ IŞGÄRLERI PEKINDÄKI GÖRELDELI MEKDEBE BARDYLAR
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň HHR-ndaky Ilçisi Ç.Rustamowa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalary bilen bilelikde, şeýle hem hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Pekindäki «Şiszýa» atly göreldeli mekdebe baryp gördüler. Bu okuw edarasyna bolan sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek çygrynda gurnaldy. Hytaý mekdep okuwçylary türkmen myhmanlary üçin mekdep boýunça tanyşdyryş saparyny gurnadylar, synp otaglaryny görk...
AŞGABAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdujabar Abduwahitowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtynda boldy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna garaldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary ara alnyp...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI DAŞKENTDE KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap, Ilçihananyň işgärleriniň we Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Çäräniň başlanmagynyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn du...
MINSKDE GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň...
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan ösen ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada Türkmenistanda döwlet syýasatyny...