SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanlylar 2019-njy ýyly gülläp ösýän Watana buýsanç bilen garşyladylar
Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi. Ministrler Kabinetiniň 28-nji dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýş...
Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Şu gün, täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada ýadawsyz alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtly çagalygy üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, bilim we terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýr...
Türkmenistanyň Baýdagy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby Halkara kosmos stansiýasynda
Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gutlag iberdi. Milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys. Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyl...
Türkmenistanyň 2018-NJI ýylda ykdysady ösüşiniň syny — ugurdaş neşiriň täze sanynda
?Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly nobatdaky sanynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda bolup geçen esasy wakalara seljerme synyny berýär, bu wakalar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary ýylynda bolup geçdi. Iri desgalaryň açylmagy, giň gerimli senagat taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, senagat düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň subutnama...
Bioköpdürlülik boýunça milli hasabat bilen tanyşdyrylyş boldy
Bioköpdürlülik boýunça taýýarlanan milli hasabat Aşgabatda geçirilen edaraara ara alyp maslahatlaşmaga berildi. Duşuşyga ylmy işgärler we daşky gurşawy goramak boýunça welaýat müdirlikleriniň, döwlet goraghanalarynyň, akademiki hem-de ýokary okuw mekdepleri ylmynyň, işi tebigatdan peýdalanmak bilen baglanşykly ministrlikleriň işgärleri gatnaşdylar. Resminama düzmek boýunça iş Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň utgaşdyrmagynda BMG-nyň ÖM-nyň “Biolo...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalaryň şatlygyny paýlaşdy. 12 gatly belent ýaşaýyş jaýynyň beýikligindäki uly Täze ýyl daragty örän köp sanly ýaşajyk arçajyklardan ýygnalyp, onuň üsti bilen, ýurdumyza demirgazykdaky Aýazbabadan özüniň günortadaky kärdeşi bolan biziň Aýazbabamyza salam hökmünde toka...