SOŇKY HABARLAR
Sagdynlyk - ruhubelentlik
Şu gün paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgelerini we başlangyçlaryny goldaýarlar. Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, ýaşuly nesliň arasy...
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Çärä Astrahan oblas...
Döwlet baştutany 30 kilometre welosipedli gezelenç etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mrmerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdanyna çenli dowam etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda barha giň gerime eýe bolýan sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi ajaýyp eýý...
Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Hytaýda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijisi
Pekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş müdirligi gurnadylar. Ýaryşa Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Polşanyň, GAR-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Şwesiýanyň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Maldiwleriň Ilçihanlary...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur B...
Şanly sene mynasybetli konsert
Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy. Bu baýramçylyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy däpleriniň - parahatçylyk döredijiligiň, dostanalygyň we ynsanperwerligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar, demokratik hukuk döwletiň mizemez esas...
Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda — Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy. Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul — Hazar 2018”...