SOŇKY HABARLAR
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
Ýurdumyzda şanly sene — Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň özboluşly däplerinden başlanýan haly we dokma işiniň ussatlaryny sylaglamak dabaralary pudagyň işgärlerine çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi, çünki olaryň zehini hem-de joşguny bilen ata-babalarymyzyň özboluşly medeni mirasy aýawly saklanyp we baýlaşyp, dogduk Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dürli döredijilik duşuşyklary, çeperçilik sergileri h...
BUHARESTDE TÜRKMEN-RUMYN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji maýynda Buharestde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli bölümleriniň baştutanlarynyň derejesinde sebitleýin meseleleri boýunça, hususan hem Ýewropa Bileleşigine we Ýakyn Gündogara degişli ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda iki döwletiň wekiliýetleri geljekde Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginde 2019-njy ýylda başlyklyk etmegi bilen baglylykda Türkme...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.T.Rustemowa hakynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rustemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasy jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýan ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bil...
Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi netijelerini jemledi
?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda IX halkara Gaz kongresi işini tamamlady. Ol gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledi hem-de geljek üçin bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berdi. Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we Gollandiýanyň «KNW Holland» kompaniýasy şu ýyl geçirilen bu iri ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. 30-dan gowrak ýurtdan hökümet guramalarynyň, nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XVII KÖPUGURLY HALKARA SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny...
«Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip ygl...