SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENABATDA HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, «Amul-Hazar 2018» bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtospotyň...
Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen guralýan bu awtoralli gadymyýetde Ýewraziýa yklymynyň halklaryny, döwletlerini we sebitlerini birleşdirip, biziň ýurdumyzyň çäginden uzalan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýu...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ DABARALY ÝÖRÜŞINE BADALGA BERILER
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler. Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Energetika işgärleriniň gününe gabatlanan bu waka milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge,...
AWSTRIÝADA “TÜRKMENISTAN-BEYIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ YÜREGI” ATLY MAÝA GOÝUM WE HYZMATDAŞLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5–6-njy sentýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde “Türkmenistan-Beyik Ýüpek ýolunyň yüregi” atly maýa goýum we hyzmatdaşlyk maslahaty geçdi. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi babatynda wideo şekiller görkezildi, şeýle hem ykdyadyýet, daşary söwda, ulag, tebigy magdanlary gazyp almak we gaýtadan işlemek, hususy eýeçilik, salgyt salmak, senagat, agro-senagat, oba hojalyk, bank ulgamy, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylygyň ösmegi...
TÜRKMEN NEŞIRLERI – ABRAÝLY HALKARA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA
2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksad...
«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem zerur şertler döredildi. «T...