SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky i...
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna gatnaşyjylara
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy gora...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK AGENTLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň direktory jenap Hajime Taniguçiniň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajypdygy bellenildi. Ýaponiýan...
Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Aşgabada nemes lukman-professorlarynyň nobatdaky topary geldi. Olaryň ýurdumyza ýygy-ýygydan gelmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen “Senior Experten Service” nemes guramasynyň (“Uly bilerme...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýeňijilerine we gatnaşyjylara baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen hem-de ägirt uly üstünlige beslenen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan türkmen türgenlerine – baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de ýaryşa gatnaşan türgenlerimize baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçen bu ägirt uly awtomobil ýaryşy dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan sp...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “КAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşandygy üçin öz minnetdarlygyny aýt...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...