SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp at çapyşyklary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda bedewleriň gatnaşmagynda geçirilýän iň söýgüli ýaryşlaryň biri bolup durýar. At çapyşyklary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynyň baş bezegidir. Asylly däbe görä, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk sport toplumyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi. Ahalteke bedewlerine a...
Ýük Ulag Merkezi: netijeli nusgalar, üýtgeşik çözgütler
Geostrategiýa taýdan amatly ýerleşýän we halkara hyzmatdaşlygynyň ulag diplomatiýasy ýaly ugruny işjeň ösdürýän Türkmenistan logistika hyzmatlarynyň dünýä segmentinde barha işjeň ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyz doly esasda ýewropa, aziýa-ýuwaş ummany we günorta – aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara hereketiniň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde tanalýar, bu bolsa ulag-kommunikasiýa ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen başlanan Türkm...
Türkmen wekiliýeti BMG-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça iş maslahatyna gatnaşdy
Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde 26 — 27-nji sentýabrda inçekeseli ýok etmek we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli iş maslahaty geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça iş maslahatyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünär ugurly düzümleriniň ýolb...
TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy — täze senenamamyza laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ilkinji gezek giňden bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Şoňa g...
Berdimuhamet Annaýewiň edermenligi bilen ýaşlarymyzyň watançylyk ruhy ýokarlanýar
Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyny Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebe gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 24-nji sentýabrda Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly...