SOŇKY HABARLAR
Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklor-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy....
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýal...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG-HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Preziden...
ŞWEÝSARIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Filipp Ştalder bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi, gyzgyn kabul edileni üçin minnetdarlygyny bildirip, iki ýurduň global ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda işjeň özara gatnaşyklary belledi. Şeýle hem, j-p Ilçi hemişeki ünsüne hem-de diplomatik i...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KANADANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Kanadanyň Ilçisi Kristofer Kuter bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Demirgazyk Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada belledi. Şu nukdaýnazardan alanyňda taraplar, ilkinji ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bara...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERI» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýerleşen Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl yglan edilen «DÖM-nyň Ýaş ilçileri» atly bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda bäsleşigiň ýeňijilerine bu bäsleşikde gazanan ýeňişleri bilen baglylykda gutlaglar aýdyldy we Durnukly ösüş ma...
2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik...