SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Germaniýadan we Türkiýeden gelen telekeçiler degişlilikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we nebit koksuny, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsemen...
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýramyň halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn. Gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýd...
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Şu gün ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpöwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary...
Garagum derýasynda ýurduň günbatarynyň suw üpjünçiligni gowulandyrmak üçin howdanlaryň ikisi gurulýar
Garagum derýasynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Müň kilometrlik kadalaşdyryjy desgalary, howdanlary, öz önümçilik binýady bolan bu derýa dünýäde iri suwaryş-suwlulandyryş ulgamyny döretmäge mümkinçilik berdi, ondan ýurduň oba hojalyk ekinleriniň million gektardan gowrak ýeri suwarylýar. Gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan emeli derýa günorta-gündogar Garagumy, Murgap jülgesini, Murgap we Tejen derýalarynyň arasyny kesip geçip, Köpetdagyň eteklerine ýetýär. Suw ho...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalar — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşanlary
Şu gün Ak bugdaý etrabynda hususy işewürlige degişli iki senagat desgasynyň — ýuwujy serişdeleri hem-de polipropilen gaplary öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň açylyş dabaralary boldy. Asylly däbe görä, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirilýär. Artistleriň hem-de ýurdumyzyň aý...