SOŇKY HABARLAR
Ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň tapgyrlary: elektron töleg ulgamy
Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň IT tehnologiýalary peýdalanmagyň, täze...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjiniň duşuşugy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr et...
BANGKOKDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 6-NJY AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda Durnukly ösüş boýunça 6-njy Aziýa-Ýuwaş umman forumy öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forumyň gurnaýjysy bolup, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) çykyş etdi. Üç gün dowam edýän her ýylky foruma ýokary derejeli hökümet agzalary, hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga geldiler. Şeýle-de bu forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Forumyň a...
TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri...
MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA SEBITINIŇ ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATLY TOPARYNYŇ (RECA) MASLAHATY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite maksatly toparynyň (RECA) 15-nji maslahaty öz işine başlady. Bu iki günlük maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň ýardam bermeginde gurnaldy. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaý...
Türkmenistanyň wekilleri howanyň üýtgemegi boýunça Daşkent duşuşygyna gatnaşarlar
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Suw hojalygy döwlet komitetiniň hünärmenleri 3-4-nji aprelde Daşkentde geçiriljek howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda Türkmenistana wekilçilik ederler. Duşuşyk Bütindünýä bankynyň başlangyjynyň çäklerinde geçirilýär we döwlet edaralarynyň, sebit hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleriniň 200-e golaýyny birleşdirer. Forum Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Merkezi A...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýerlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Milli Liderimiz ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat b...