img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Apr

Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pudaklaýyn düzümini toplumlaýyn dö...

DOWAMY
pic
2 Apr

POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäheri) Marek Salka bilen duşuşyk geçirildi.

DOWAMY
pic
1 Apr

BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky  täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Nikolaý Ýankow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardy...

DOWAMY
pic
31 Mar

Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri

Şu gün ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Ir sagat 7-de Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlykly geldiler. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sow...

DOWAMY
pic
30 Mar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen piroliz benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Rumyniýanyň, Irlandiýanyň, Owganystanyň, Özbeg...

DOWAMY
pic
29 Mar

«ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ТÜRKMENISTAN-ÝB DIALOGYNYŇ» NOBATDAKY TAPGYRY AŞGABATDA GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogynyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi. ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
pic
29 Mar

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibine geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ah...

DOWAMY