img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Apr

AŞGHABATDA SUW MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi. Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşma...

DOWAMY
pic
12 Apr

MOSKWADA «HAZAR – MÜMKINÇILIKLERIŇ DEŇZI» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» ady bilen Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Rus işewürleriniň, bilermenleriň we ylmy jemgyýetiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekillerini tegelek stoluň başyna jemlän maslahat şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň taýýarlygyna bagyşlandy. Maslahatyň guramaçylary ykdysadyýet we innowasiýalar, energetika, ulag, ekologiýa, saglygy gor...

DOWAMY
pic
10 Apr

Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy. «K-1» görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy. «Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kil...

DOWAMY
pic
10 Apr

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÄZE ŞÄHERIŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde guruljak Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini şöhlelendirýän Türkmenistanyň milli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň görnetin mysaly bolup durýandyr. Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we deputatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolb...

DOWAMY
pic
10 Apr

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça talyplaryň arasynda ýaryş gurnady

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Sport çäresini ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy gurady.  Kiçi futbol boýunça talyplar bäsleşigi Ploýeşti şäheriniň «Green Arena» stadionynda geçirildi, oňa Rumyniýanyň dürli şäherlerinden türkmen ýaşlarynyň 50-den gowragy geldi.  Çekeleşikli, dartgynly geçen ýaryşda Ploýeşti şäherindäki Nebit we gaz uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy. Ikinji orny...

DOWAMY
pic
10 Apr

AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADY

2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...

DOWAMY
pic
9 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine, käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, häkim häzirki wagtda paýtagtymyz...

DOWAMY