SOŇKY HABARLAR
BRAZILIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bara...
Türkmenistanda ýöriteleşdirilen halkara forum geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady. Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goramak, beden taýdan sagdyn hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli d...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mizemez dostluk, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli häsiýete eýe bol...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada CAREC-yň 17-nji Ministrler maslahatyna gatnaşmaga gelen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň baş direktory Koji Fujiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGAN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşuk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular. Duşuşygyň barşynda tar...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Özara ynam we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulan dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meýillerini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary t...