SOŇKY HABARLAR
MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi. Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy....
AŞGABATDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETINE WE MÜMKINÇILIKLERINE BAGYŞLANAN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELER GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 6–7-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti UNESKO bilen hyzmatdaşlyk esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň işine ýokary derejeli wekilleriň gelmegine garaşylýar. Maslahatyň işi mejlisler görnüşinde geçirilip, medeniýetara gepleşikleri, parahatçylygy we 2030-njy ýyl üçin BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklaryň...
Aşgabatda binagärlik döredijilik sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň gurulmagy Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şunuň bile...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINDE GEÇEN GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy. Sankt-Peterburgyň halkara aeroportyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana bardy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçdi. Birek-birek bilen salamlaşanlarynd...
«Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara maslahatynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny çuňňur öwrenmekde, häzirki we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmakda örän ähmiýetli hem-de netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýip yglan etdik. Beýik Ýüpek ýoluny d...
ÝUNESKO-NYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYNYŇ PLENAR MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň plenar mejlisi tamamlandy. Dünýäniň 40-а golaý ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatynyň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň durnukly ösüşi gazanmak üçin ähmiýetini hem-de wajyplygyny görkezmekden, häzirki wagtdaky jemgyýetlerde mede...
«TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI ÝYLYNDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ULGAMYNDA ÝETILEN SEPGITLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda daşky gurşawy goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem...