RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Anatolýewiç Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi bilen gyzgyn gutlady. Türkmen tarapy öz gezeginde hormatly geňeşçä baýramçylygy bellemek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýanlygy üçin minnetdarlygyny bil...

DOWAMY
pic
11 Dek

“Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar.  Ýaryşlara ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna wekilçilik edýän toparlaryň jemi altysy gatnaşdy.  Ilkinji tapgyrda olar her birinde üç topar bolan iki toparça bölündiler, olarda ýarym finalçylar kesgitlenildi. “A” toparçada birinji duşuşykda “Şir” toparyndan 5:3 h...

DOWAMY
pic
11 Dek

Futzal boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy «Talyp sporty» toparynda

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2018-nji ýylda futzal boýunça Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi kesgitlendi. Bu toparlar bir hepdäniň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda erjel göreş alyp bardylar.  Üç toparça bölünen 10 topardan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sportunyň” türgenleri iň oňat futzalçylar boldular, ýogsam, ýaryşlar başlamazdan öň, hormatly...

DOWAMY
pic
11 Dek

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçi...

DOWAMY
pic
11 Dek

«Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!  Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen şu günki halkara maslahatyň gün tertibiniň mazmun taýdan umumylygy hem çuňňur mana eýedir. Adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ý...

DOWAMY
pic
11 Dek

ABŞ-NYŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...

DOWAMY
pic
11 Dek

HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary...

DOWAMY