img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Maý

BMG-NIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ IŞ MEÝILNAMASYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI

2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...

DOWAMY
pic
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi.    Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramala...

DOWAMY
pic
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Nur-Sultan şäherinde nobatdaky XII Astana Ykdysady Forumy (AYF) geçirildi. Oňa dünýäniň 74 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdylar. Forumda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Bütindünýä bankynyň baş ykdysadçysy Pol Romer, Halkara Pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard, Russiýanyň Sberbankynyň Prezidenti we müdiriýetiniň başlygy German Gref, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Gruziýanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze we başga-da ýokary derejeli syýa...

DOWAMY
pic
16 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Hormatly myhmanlar!  Eziz watandaşlar!  Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda geçirilýän bu serginiň we halkara ylmy maslahatyň Garaşsyz döwletimiziň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünlikleri...

DOWAMY
pic
16 Maý

TÜRKMENISTAN WE WÝETNAM KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnamyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has...

DOWAMY
pic
16 Maý

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYKDA GAZANANLARYNYŇ SERGISI HEM-DE HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.   Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy. Sergä türkmen alymlary we b...

DOWAMY
pic
15 Maý

Ahal welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi. Milli Liderimiz welaýatyň ýüpekçilerini meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen gutlap, olara täze zähmet üstünliklerini, beýleki welaýatlaryň pileçile...

DOWAMY