SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gyrgyz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň birinji syýasy departamentiniň başlygy R.M.Biibosunow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamşadylar we türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaş...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ KAZAN ŞÄHERINE SAPARY
2019-njy ýylyň 27-28-nji maýy aralygynda ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça Konsepsiýa kabul edildi. Şunuň bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistanda n...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. German wekiliýetine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtybarly wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň, aýratyn hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de Ýewropa Bilele...
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi we halkara sergi
Şu gün paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ählihalk baýramçylygy türkmenistanlylaryň öçmejek taryhy gymmatlyklaryna, özboluşly däplerine hem-de ata-babalarymyzyň wesýetler...
Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, şeýle hem «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergä we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisine gatnaşyjylara
Hormatly myhmanlar! Çeper elli mähriban halyçylar! Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu ajaýyp baýram mynasybetli geçirilýän «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 19-njy mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gözelligi we nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen...
«Grand Pri Pariž» ýaryşynda sambo boýunça ussatlaryň üstünlikli çykyşy
2019-njy ýylyň 24 — 26-njy maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryş geçirildi. Hatarynda on ýedi türgen, üç tälimçi we bir emin bolan Türkmenistanyň wekilçilikli topary dürli derejeli medallara mynasyp bolup, ýurdumyza dolanyp geldi. Sambo boýunça ýaryşlarda türkmenistanly türgenler iň ýokary gymmatlygy bolan baýraklaryň bäşisini eýeläp, hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar. 64 kilog...