SOŇKY HABARLAR
BIŞKEKDE “BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY: TÜRKMEN-GYRGYZ IŞEWÜRLIK GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEK ÜÇIN MEÝDANÇA” ATLY TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap “Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança” atly tegelek stoluny geçirdi....
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KHBS-Ň MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we weki...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz ilki bilen wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde galla oragynyň barşy we gowaça...
Türkmenistanyň Baýdagy dünýäniň iň beýik depesine – Ewereste çykaryldy
“Morinžgeologiýa” Serwis Kärhanalary Toparynyň işgärleri dünýäniň iň beýik depesine – Ewereste (8 848 m) çykyp, ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dikdiler. Ýörüşe Holdingiň wekilleri – Latwiýanyň, Russiýanyň, Polşanyň, Kipriň we Moldowanyň raýatlary – ozal Uly Ararat (Ermenistan, 5165 m, 2011 ý.), Kilimanjaro (5895 m 2014 ý.) we Meru (4562 m, 2014 ý.) –Tanzaniýa; Akonkagua (Andlar, 6960,8 m, 2018 ý.) – Argentina bilen Çiliniň serhedi; Monblan (Günbatar Alplar, 4810 m, 2018 ý.) –Fransiý...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Çaryýew Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Huseýine Türkmenistanyň Iordan Haşemit Patyşalygyndaky Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamlaryny ýollady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine uly ynam bildirdi
HYRATDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy. Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň başlygy Mohammad Humaýun Kaýumin...
SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Branko Rakowets bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw ber...