RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Okt

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Prezident Serdar Berdimuhamedow...

DOWAMY
11 Okt

Aşgabatda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy

2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.  Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident K...

DOWAMY
10 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň türkmen halkyny...

DOWAMY
9 Okt

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Gazagystan tarapyna bolsa, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ý.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik g...

DOWAMY
4 Okt

Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Merkezi Azi...

DOWAMY
4 Okt

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-argentin syýasy geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky üçünji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Gu...

DOWAMY
3 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. ÝB-niň komissary wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant...

DOWAMY