img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Iýul

ÝB-NIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI FEDERIKI MOGERININIŇ AŞGABADA SAPARY

2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Federika Mogerini Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Daşary işler ministri bilen duşuşyklary geçirer.

DOWAMY
pic
4 Iýul

LÝUKSEMBURGDA ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...

DOWAMY
pic
4 Iýul

Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar

Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär. Biziň türgenlerimize ýerli howa şertlerine öwrenişmek hem-de jemleýji türgenleşikleri mynasyp derejede geçirmek wezipesi garaşýar, sebäbi, dzýudoçylaryň arasynda ilkinji...

DOWAMY
pic
4 Iýul

AŞGABATDA TÜRKMEN-POLÝAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi.  Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzy...

DOWAMY
pic
4 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUS WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus to...

DOWAMY
pic
4 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE IRLANDIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Irlandiýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili, Ilçi Dewid Donahýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlylygyny bellediler. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanarly belläp, taraplar 2021-2022-nji ýyllarda  BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljekki saýlawlary...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy mynasybetli iberen gutlagyna jogap hatyny iberdi. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan we dünýäde ilkinji zawod bolan täze senagat toplumynyň açylyş dabarasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 28-nji iýunda geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli guralan dabarada Ýaponiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň adyndan onuň iberen gutlag hatyny bu ýurdu...

DOWAMY