RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler. Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr. Hazar deňzi — dünýäde iň uly içerki suw ulgamy. Deňizleriň arasynda Hazar tebigy künjekleriň...

DOWAMY
pic
26 Few

“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary,  maýa goýumlar...

DOWAMY
pic
26 Few

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary halkara syýasy giňişliginde ikitaraplaýyn özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlar...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işini tamamlady. Maslahata gatnaşyjylar, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň ygtyýarlandyrylan wekilleri teswirnam...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «DEUTSCHE BANK AG» BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleleri...

DOWAMY
pic
26 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, umumy taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan bu iki döwletiň dostlukly gatnaşyklary barada aýdylanda, taraplar ynanyşmak, goldamak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn belläp geçdiler.  Halkara syýasy giňiş...

DOWAMY
pic
26 Few

GANA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Tähran şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohammed Saýuti Ýahaýa Iddi bilen duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň başynda Gana Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge...

DOWAMY