SOŇKY HABARLAR
MANGEÝM ŞÄHERINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDÄKI BÜRÜNÇ EÝÝAMYNYŇ ŞALYGY» SERGISINIŇ AÇYLMAGY
2019-njy ýylyň 9-njy martynda Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeý toplumynda «Margiana – Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy» atly arheologiki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna 400 golaý adamlar gatnaşdylar, olaryň arasynda Bundestagyň deputatlary, Mangeýmiň syýasy toparlarynyň wekilleri, German-Türkmen forumynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdy. ...
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Zenanlar maşgala ojagynyň mukaddesligi hökmünde ähli döwürlerde belent sarpa eýe bolupdyrlar, olar ykbalyň agyr günlerinde erkekler bilen egin-egne berip, parasatly maslahatçy hem-de wepadar ýoldaş bolupdyrlar we parahatçylyk, abadançylyk döwründe hem ýanýoldaşlaryny üstünliklere ruhlandyrypdyrlar. Milli Liderimiziň oňyn syýasaty netijesinde türkmen zenanlaryn...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi tebigatyň, jümle-jahanyň oýanyp, gözelligi, ýakymlylygy, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenip, merdana halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň b...
Pekinde Hytaýyň Nebit uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Hytaýyň Nebit uniwersitetinde Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga hytaý tarapyndan akademik, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň prorektory, professor Li Genşen, halkara bölüminiň başlygy, professor Li Ýunfen, daşary ýurtly talyplar bilen işlemek bölüminiň dekanynyň orunbasary Lýu Sýaosin, halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Lu Şan, halkara bölüminiň işlerini utgaşdyryjy Li linýun dagy gatnaşdylar. ...
Maliýe-ykdysady neşiriň sahypalarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik wezipe hökmünde öňe süren milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň şerti bolup durýar. Bu ugurda bellenilen maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, onuň maglumat giňişligini döretmek, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, durmuş we ykdysady ugurlaryň dolandyryş ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen, öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly, i...
Aşgabatlylar Grammy baýragynyň eýesi Joss Stounyň döredijiligi bilen tanyşdylar
“Watan” kinokonsert merkezinde Beýik Britaniýadan soul-aýdymçy Joss Stounyň çykyşy boldy, ol Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Agşamy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ÝuNISEF guradylar. ... Joss Stoun 13 ýaşyndaka Beýik Britaniýanyň sahna meýdançalarynyň birinde çykyş edýär. Onuň sesiniň üýtgeşik tembri we aýdym aýtmakda erkinligi diňe bir tomaşaçylary däl, eýsem prodýuserleri hem özüne ben...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden öňürti, ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýä...