SOŇKY HABARLAR
ASTANADA YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-GAZAK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Astana şäherinde Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň g...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, öňde bolj...
Делегация туркменских вузов посетила Китай
В соответствии с Распоряжением главы государства делегация в составе представителей Государственного финансового института и Государственного института экономики и управления посетила с целью изучения опыта Китай. При содействии посольства нашей страны в КНР проректоры туркменских вузов провели встречи с руководством Шанхайского университета финансов и экономики, Университета международного бизнеса и экономики, Шанхайской фондовой биржи, а также консалтинговыми брокерскими компаниями. В ра...
Sport tansy milli mekdebiniň wekilleriniň çykyşy
“Watan” kinokonsert zalynyň sahnasynda çagalaryň 170-si şowhunly tans konserti bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Sport tansy federasiýasynyň düzümindäki paýtagtymyzyň klublary hasabat konsertini Halkara zenanlar gününe bagyşladylar. Ýaşajyk artistleri goldamaga olaryň ata-eneleri, dost-ýarlary we tans sungatynyň muşdaklarynyň ençemesi gelipdirler. Ýaşajyk zehinler sahna öwrenişmek üçin konsert başlanmazdan bir sagat öň geldiler. Owadan tans köýnekli, saçlary gelşikli timarlanan, gözleri uçg...
Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklor-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy....
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýal...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG-HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASY ARA ALNYP MASLAHATLAŞLAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Preziden...