RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Mar

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.  Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna...

DOWAMY
pic
25 Mar

Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.  Ak mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi. Milli Lide...

DOWAMY
pic
25 Mar

YSRAÝYL DÖWLETINDE TÜRKMEN-YSRAÝYL SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Ysraýylda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ysraýyl tarapyndan geňeşmelere Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ben Swi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugta...

DOWAMY
pic
25 Mar

AŞGABATDA TÜRKMEN-ESTON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-eston syýasy geňeşmeleri geçirildi. Eston Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň baş direktory Lembit Uibo ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we türkmen-eston gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky şe...

DOWAMY
pic
24 Mar

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 23 medal gazandylar

Türkmen samboçylary Moskwanyň «Lužniki» olimpiýa toplumynda 22-nji martda badalga alan «Harlampiýewiň ýadygärligine» dünýä kubogy ugrunda ýaryşlarda on iki medala — üç kümüş we dokuz bürünç medala eýe boldular.  Biziň ildeşlerimiziň bu üstünlikleri Sambo halkara federasiýasynyň (FIAS) ýerine ýetiriji komitetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň barşynda 2020-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen baglylykda aýratyn buýsançlydyr.  Ýa...

DOWAMY
pic
24 Mar

Berlinde Nowruzyň baýram ediliş däpleri bilen tanyşdyryldy

24-nji martda Berliniň Bolle Festsäle taryhy binasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabara boldy. Germaniýanyň Fedearl hökünetiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça Wekiliniň, “Berliniň Etnologiýa muzeýiniň dostlary birleşiginiň”, şeýle hem “Gumbolt forumynyň” goldamagynda gurnalan çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ilçihanalary hem-de şol ýurtlaryň Germaniýada kowçum ýaşa...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY

2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara...

DOWAMY