RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Apr

TÜRKMENISTANYŇ YRAK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi    Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Yrak Respublikasynyň Prezidenti jenap Barham Salehe Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Abu-Dabi şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.

DOWAMY
pic
8 Apr

AŞGABATDA KHBS WEKILLERI ÜÇIN BSG-NIŇ ÝEWROPA MASLAHATYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) bilen birlikde guralýan “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, BSG-n...

DOWAMY
pic
7 Apr

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI GIŇDEN BELLENILDI

2019-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolmak bilen Türkmenistan ýene-de bir uly göwrümli sport çäräniň geçirilmegine taýýarlanýar. Şeýlelikde, Halkara Sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň kararyna laýyklykda 2020...

DOWAMY
pic
7 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini FIAS-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň türkmen paýtagtynda 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirme...

DOWAMY
pic
7 Apr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!  Eziz watandaşlar!  Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän ajaýyp halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýan güneşli Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin sport hereketiniň eziz Watanymyza buýsanjymyzy has-da...

DOWAMY
pic
6 Apr

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şweýsariýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly hem-de «Türkmengaz» döwlet konserni...

DOWAMY
pic
6 Apr

AŞGABATDA «HALKARA SPORT GÜNI - PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» ATLY FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly halkara forumy geçirildi. Forumyň işine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt...

DOWAMY