SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri ge...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ BIRNÄÇE MINISTRLIKLERINIŇ WE PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARAHEREKETLERIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Koreýanyň hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşugy açmak bilen bu ýere ýygnanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady...
PAKISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ FEDERASIÝASYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ykdysady syýasatyna hem-de birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu çärä Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň prezidenti Daru Han Açakzaý, uly wise-prezidenti Abdul Wahid, wize-prezidentleri Muhammad Ijaz Han, Kurban Ali, Hurşid Barlas hem-de Federasiýanyň ýerine ýetiriji komit...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. 17-nji aprelde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Onuň barşynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, sö...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY MERKEZINIŇ AÇYLMAGYNYŇ 20-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogap...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELÝÄR
2019-njy ýylyň 16-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler.
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirile...